https://turkmensport.com/habarlar/ronaldo-bir-zady-ahli-zatdan-ilerde-goyyar/IBkBtJOBkMKrEyu.jpg

Kristiano Ronaldo Dünýä çempionaty ― 2022-nji birinji tapgyrynda Gana bilen bolan duşuşykdan soň (3:2) žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Portugaliýaly futbolçynyň bassyr bäş dünýä çempionatynda (20 ýylyň dowamynda) tapawutlanan ilkinji futbolçy hökmünde taryha girendigini ýatladýarys.

«Bu ― ajaýyp görkeziji. Esasy zat bolsa ýeňiş gazandyk, ýaryşa gowy başladyk. Bu ýeňiş ― juda möhüm. Onsoň hem şeýle ýaryşlarda ilkinji duşuşykda gazanylan ýeňiş köp zady kesgitleýär.

Täze rekord goýup, bassyr bäş dünýä çempionatynda tapawutlanyp bilendigim üçin örän begenýärin. Toparymyz ajaýyp oýun görkezdi. Kyn hem bolsa ýeňiş gazandyk.

«Mançester Ýunaýteddäki» taryh ýapyldy. Geljegim baradaky karara dünýä çempionatyndan soň gelmekçi. Häzir ähli ünsüm mundialda. Ýeňiş gazandyk, men topara kömek etdim. Başga zat möhüm däl» diýip, 37 ýaşly futbolçy klublaýyn kerýerasyna häzir üns bermejekdigini aýtdy.

Çeşme: dailymail.co.uk