https://turkmensport.com/habarlar/ronaldo-bir-gol-bilen-rekord-goydy/o1CIrPqag6yQ9oK.jpg

Kristiano Ronaldo dünýä çempionatynda rekord goýdy.

Az wagt mundan ozal portugaliýaly hüjümçi 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 1-nji duşuşygynda Gananyň ýygyndysynyň derwezesine penaltiden gol geçirdi (3:2).

Şeýlelikde, Ronaldo taryhda bäş dünýä çempionatynda gol salan ilkinji futbolçy boldy.

2006-njy, 2010-njy we 2014-nji ýyllardaky dünýä çempionatlarynyň hersinde hüjümçi bir gol, 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynda dört geçirdi.

Dört dünýä çempionatynda dört oýunçy gol geçirdi: Pele (Braziliýa), Uwe Zeeler, Miroslaw Kloze (Germaniýa) we Lionel Messi (Argentina).

Şeýlelikde, Ronaldo Dünýä çempionatynda jemi 8 gol geçirdi.

Dünýä çempionatynda geçirilen gollaryň sany boýunça 37 ýaşly oýunçy Diego Maradona, Rudy Feller we Riwaldo bilen deňleşdi.

Miroslaw Kloseň 16 golluk rekordyna deňleşmek üçin Ronaldoda sekiz gol galdy.

Lionel Messi 2022-nji ýyldaky Dünýä çempionatynda ýedinji goluny tora saldy.

Çeşme: turkmensport.com