https://turkmensport.com/habarlar/rojer-federer-dusundirdi/Z1wjyIWmYigYOTG.jpg

«Uly tuwulga» ýaryşlarynyň 20 gezek çempiony, şweýsariýaly tennisçi Rojer Federer näme üçin karýerasyny tamamlaýandygyny düşündirdi. 41 ýaşly tennisçi şu hepde başlanýan Leýwer kubogyndan soňra raketkasyny hemişelik asar.

«Soňky üç ýyly örän kyn geçirdim. Geçen ýylky Uimbldonda özümi buzuň üstünde ýöreýän ýaly duýdum. Yza dolanjak boldum, ýöne eýýäm edip biljek zatlarym çäklidi. Şonuň üçin hem ähli zady boýun almaly boldum.

Munuň şeýledigine dessine göz ýetirdik. Şeýle-de bolsa, öňümizde bir sowal keserip durdy: karýeramy tamamlaýandygymy haçan aýtmaly? Bu adaty zat, ýöne başyňa gelse, dartgynlylygy ýetik eken» diýip, ВВС Rojer Federeriň aýdanlaryny mysal getirdi.