https://turkmensport.com/habarlar/red-bullun-awtoulagy-20-kg-yenledi/97BLuIFALi3ZiYl.jpg

«Red Bulluň» inženerleri ýylyň dowamynda awtoulagyň agramyny ep-esli azaltmagy başardylar.

«Auto Motor und Sport»-yň habaryna görä, awtoulag 2022-nji ýyl möwsüminiň başyndan öňküsinden 20 kg ýeňil boldy. Bu bolsa her aýlawda 0,6-0,7 sekunt artykmaçlyk gazanmaga mümkinçilik berýär. RB18-iň agramy henizem rugsat berilýän iň pes çäkden 2 — 5 kg agyrdyr.

Şol bir wagtyň özünde, «Red Bull» nemes neşiriniň awgust aýynda aýan edişi ýaly, şu ýyl ýeňil şassi hödürlemek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi.