https://turkmensport.com/habarlar/rb-leypsigin-taryhynda-ilkinji-oyuncy/u8mRtmfeTmHtekz.jpg

Germaniýaly hüjümçi Timo Werner “RB Leýpsigiň” düzüminde 100 gol geçirmegiň hötdesinden geldi.

Şeýlelikde, ol toparyň taryhynda ilkinji bolup, 100 gol geçiren oýunçy bolmagy başardy.

Geçen hepde “RB Leýpsigiň” esasy düzüminde “Bohuma” garşy meýdança çykan Timo Werner 2 gol geçirip, toparyna ynamly ýeňiş gazanmaga ýardam etdi.

Tomusky transfer penjiresinde Timo Werner “Çelsi”-den “RB Leýpsige” geçipdi.

“Çelside” durnukly oýny görkezip bilmedik oýunçy, Watanyna dolanmaklygy makul bildi.