
«Mersedesiň» sürüjisi Jorj Rassel San-Paulu Gran-prisine ýeňiş gazandy.
Bu Rassel üçin karýerasyndaky ilkinji ýeňiş boldy. Şeýle hem, 2022-nji ýylda «Mersedes» ilkinji gezek ýeňiş gazandy. Ikinji orny Jorjuň topardaşy Lýuis Hemilton eýeledi we bu üstünlik «Mersedesiň» 2020-nji ýyldaky Emiliýa-Romagna Gran-prisinden bäri gazanan ilkinji goşa ýeňişi boldy.
Braziliýada geçirilen ýaryşdan öň Jorj sekiz gezek, şu möwsümde ýedi gezek münbere çykdy.