https://turkmensport.com/habarlar/psz-nin-esasy-derwezecisi-donnarumma-bolar/KjhCgzRlrzlLSUA.jpg

PSŽ indiki möwsümde toparyň esasy derwezeçisi Žanluiji Donnarummanyň boljakdygyny habar berdi.

Parižlileriň ýolbaşçylary toparda esasy derwezeçi Žanluiji Donnarumma bolmaly diýip karara geldiler. Şeýlelikde, indi Donnarumma Keýlor Nawas bilen bäsdeşlik etmek gerek bolmaz diýip, “Get French Football News” “L’Équipe” salgylanyp habar berdi.

Derwezeçileriň ikisi-de beýle bäsdeşlikde oýnap bilmejekdiklerini açyk aýdypdylar.

Şeýlelikde, PSŽ 23 ýaşly italiýaly derwezeçä mümkinçilik bermek kararyna geldi.

Žanluiji Ligue 1-de geçiren 16 oýnunyň 4-sinde derwezesini golsuz saklady. Keýlor Nawas 20 oýnuň 8-sinde gol geçirtmedi.

Surat: mirror