https://turkmensport.com/habarlar/psz-neymary-yuwentusa-karendesine-hodurleyar/sKvkMqDWVMliVzb.jpg

“Calciomercato.it”-iň habaryna görä, PSŽ-niň hüjümçisi Neýmar “Ýuwentusa” goşulyp biler.

Çeşmäniň habaryna görä, Pariž klubunyň täze sport direktory Luiş Kampuş Turin klubunyň ýolbaşçylary bilen habarlaşyp, olara 30 ýaşly futbolçyny kärendesine almagy teklip edipdir. PSŽ-niň Neýmaryň aýlygynyň bir bölegini tölemäge taýýardygy bellendi.

Ozal fransuz klubunyň aýlyk töleglerini azaltmak isleýändigi we birnäçe oýunçyny satmaga taýýardygy barada habar berildi. Bir möwsümde 50 million ýewro aýlyk alýan Neýmar bolsa esasy dalaşgärlerden biridir. Şeýle-de bolsa, oýunçy klubdan gitmek barada meýilnamasynyň ýokdugyny aýtdy.

30 ýaşly Neýmar 2017-nji ýyldan bäri PSŽ-de oýnaýar. Ol “Barselonadan” 222 million ýewro transfer bolupdy. Bu transfer mukdary häzirki wagtda hem dünýä futbolynda rekorddyr.

Neýmaryň topar bilen baglaşan şertnamasy 2025-nji ýyla çenli dowam edýär. Braziliýaly oýunçy geçen möwsüm 22 oýunda 13 top geçirip, alty gezek ýardam pasyny berdi.