https://turkmensport.com/habarlar/psz-nacal-cempionat-s-razgromnoi-pobedy/T98ssEHKCPpyUNx.jpg

Fransuz ligasynyň 1-nji tapgyrynda «PSŽ» myhmançylykda «Klermon» bilen duşuşdy. Duşuşyk myhmanlaryň 5:0 hasabyndaky ynamly ýeňşi bilen tamamlandy.

Gollar:

0:1 — 9 Neýmar, 0:2 — 26 Hakimi, 0:3 — 38 Markinos, 0:4 — 80 Messi, 0:5 — 86 Messi.

Duşuşykda Neýmar üç goluň, Messi bir goluň ýardam pasyny berdi.

Fransiýa çempionatynyň ikinji tapgyrynda «PSŽ» 13-nji awgustda öz ýerinde «Monpelýe» bilen oýnar, «Klermon» bir günden soň «Reýms» bilen duşuşar.