
Ýarymgoragçy Renato Sançes «Lillden» çykyp, PSŽ-a goşuldy.
Fransiýanyň çempiony ýarymgoragçy bilen 2027-nji ýyla çenli şertnama baglaşylandygyny habar berdi.
Ozal parižlileriň portugal oýunçysy üçin 15 million ýewro tölejekdigi habar berlipdi.
24 ýaşly oýunçy geçen möwsüm Lige 1-de 25 oýunda çykyş edip, 5 asist berdi.