https://turkmensport.com/habarlar/pol-rahman-tutlusygynyn-ykbaly-belli-boldy/Ei10WuHbwGuixl8.jpg

Amerikaly wideoblogçy Jeýk Pol bilen kiçi Hasim Rahmanyň arasyndaky tutluşyk geçirilmez.

Bu habary guramaçylygy boýnuna alan «MVP Promotions» guramasy hem tassyklady. Ýeri gelende aýtsak, kiçi Rahman ady rowaýata öwrülen Hasim Rahmanyň ogludyr.

Tutluşygyň ýatyrylmagyna Hasim Rahmanyň gerekli agram derejesine gelip bilmändigi sebäp boldy. 6-njy awgustda geçirilmegi meýilleşdirilen tutluşyga çenli ol 90,7 kilograma çenli ýetmelidi. Häzir bolsa, ol 98 kilogramdan bary-ýogy ýarym kilogram agramy taşlap bildi. Şeýle bolansoň, Poluň topary tutluşygy geçirmekden ýüz öwürdi.