https://turkmensport.com/habarlar/perisic-celsa-gecmage-yakyn/tWTXUYxYOzITfvj.jpg

Iwan Perişiç möwsümiň ahyrynda “Inter” bilen hoşlaşar.

33 ýaşly ýarymgoragçynyň topar bilen şertnamasynyň möhleti tomusda tamamlanýar. Soňra oýunçy erkin agent bolar.

Sport mediaset”-iň habaryna görä, horwatiýaly futbolçy häzirki wagtda “Çelsi” toparyna geçmäge meýilli. Taraplara diňe käbir zatlary ylalaşaýmak galdy.

Soňky gezek Italiýa kubogynyň finalynda “Ýuwentusyň” (4:2) derwezesine iki pökgi girizen Perişiç, täze şertnama boýunça uzaga çeken gepleşikler sebäpli “Interiň” ýolbaşçylaryny tankyt etdi.

Surat: newsbook