https://turkmensport.com/habarlar/peres-altyn-topy-benzema-alar/DYyMBwFYOMF7CDg.jpg

«Real Madridiň» prezidenti Florentino Peres Karim Benzemanyň «Ballon d'Or»-da ýeňiji boljakdygyna ynanýar.

Peres: «Benzema eýýäm UEFA-nyň ýylyň oýunçysy baýragyna mynasyp boldy we ýakyn günlerde «Altyn top» baýragyny hem alar. Hiç kim muňa şübhelenmeýär» diýdi.

Geçen möwsümde Benzema 44 gol geçirip, «Real Madrid» üçin ähli ýaryşlarda 46 oýunda meýdança çykdy we 15 asist berdi. Şeýle hem, Madrid kluby bilen La Ligada we Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy.

«Altyn top» dabarasy 17-nji oktýabrda geçiriler.