https://turkmensport.com/habarlar/penya-hasap-11/NmqbxU12Sn4YVZJ.jpg

UFC-niň amerikaly ozalky çempiony Žulianna Penýa Amanda Nunýesden ýeňlensoň, üçünji tutluşyk barada berlen sowallara hem jogap berdi.

Jogap tutluşygynda güýçli garşydaşyndan ýeňlip, çempionlyk guşagyndan mahrum bolan pälwan zenan, esasan, saglyk ýagdaýy barada aýtdy. Ýöne ol üçünji tutluşyga hem garaşýandygyny gizlemedi.

- Urgular 2 dollarlyk steýkden biraz gaty. Meni goldanlara köp sagbolsunymy aýdýaryn. Bedenimiň birnäçe ýerinde dyrnak yzlary bar, ýöne operasiýanyň zerurlygy ýok. Sizi gowy görýärin. Indi hasap 1:1 - diýip, ol jemgyýetçilik torlarynyň birindäki hasabyndan paýlaşdy.