https://turkmensport.com/habarlar/parapauerlifting-yewropanyn-acyk-cempionatyndan-6-medal/PPSjx7mRrelHbKy.jpg

Türkmenistanly sport janköýerleri begendirjek nobatdaky hoş habar Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinden gelip gowuşdy. Bu şäherde parapauerlifting boýunça geçirilen Ýewropanyň açyk çempionatynda biziň ildeşlerimiz medallaryň altysyna mynasyp boldular.

Ýaryşyň Pariž-2024 Paralimpiýa oýunlarynyň ikinji saýlama tapgyry bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Tahyr Şorahanowyň şägirtleri bu abraýly ýaryşdan altyn medallaryň 3-si, kümüş medallaryň 2-si we bir bürünç medal bilen gaýdyp geldiler.

Paýtagtly parapauerliftingçiler Sergeý Meladze bilen Maýagözel Ekäýewiň iň ýokary netijeleri gazanyp, Pariže sary barýan ýoluň üçünji saýlama tapgyryna hem gatnaşmaga hukuk gazanandygyny aýratyn nygtamak gerek. Nobatdaky synaglar indiki ýylda geçiriler. Ýeri gelende, türgenleriň Paralimpiýa oýunlarynda çykyş etmek üçin şeýle saýlama tapgyrlaryň dördüsini geçmeli boljakdygyny bellemelidiris.

Anyk maglumatlara salgylansak, Sergeý Meladze 72 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, 165 kilogramlyk şahsy netijesi bilen iň gowy bäş türgeniň arasyna girdi. Ýaryşdaky umumy netijesi 480 kilograma ýeten ildeşimiz bürünç medalyň eýesi boldy.

79 kilogram agram derejesinde Ýewropanyň açyk çempionatyna gatnaşan Maýagözel Ekäýewa (şahsy görkezijisi ― 106 kilogram, umumylykda ― 208 kilogram) kümüş medallaryň ikisini gazandy.

Halkara ýaryşlara ilkinji gezek gatnaşýan 15 ýaşly Aýnur Orazowa 55 kilograma çenli agram derejesinde güýjüni synap, ýetginjekleriň ýaryşynyň altyn medalyny eýeledi. 50 ýaşly Baýramgeldi Saparow bolsa, uly ýaşlylaryň arasynda 80 kilograma çenli agram derejesinde iki altyn medala mynasyp boldy. Onuň şahsy görkezijisi 160, umumy netijesi bolsa 465 kilograma ýetdi.