
Nýu-Ýorkdaky
«Medison Skwer Garden» stadionynda «Nýu-Ýork Reýnjers» bilen «NýuÝork
Aýlendersiň» arasynda NBA-iň çägindäki duşuşyk geçirildi.
Duşuşyk
myhmanlaryň 4:3 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. «Reýnjersde» russiýaly
hokkeýçi Artemiý Panarin klubyň rekordyny täzeledi.
Has takygy, ol «Reýnjersdäki» 200-nji
duşuşygynda iki gezek tapawutlanyp, klubyň taryhynda ilkinji 200 duşuşygynda iň
kän utuk gazanan hokkeýçi boldy. Onuň bu duşuşyklarda gazanan utugy 268-e
ýetdi.
Ozalky rekord 255 utuk bilen Mark
Messýe degişlidi. Ýagr Ýaromir bolsa şunça duşuşykda 254 utuk toplap bildi.
Çeşme: nhl.com
Surat: bluelinestation.com