https://turkmensport.com/habarlar/ozalky-topardaslar-senegala-syyahat-etdiler-suratly/E3oDfw0SPqnHmaQ.jpg

«Çikagonyň» ozalky oýunçylary Derrik Rouz, Joakim Noah we Luol Deng bilelikde Senegala syýahat etdiler.

«Bu syýahat boýunça D-Rouz we Deng bilen birnäçe ýyl ozal gürleşipdik» diýip, Noah Twitterinde ýazdy.

Deng 2019-njy ýylda Günorta Sudanyň basketbol federasiýasynyň prezidenti wezipesine saýlandy, soň bolsa milli ýygyndy toparyna ýolbaşçylyk etdi.

Geçen ýyl NBA Afrika ugry bilen baglanyşykly bölüm döretdi. Maýa goýumçylaryň arasynda Noah bilen Deng hem bar.