https://turkmensport.com/habarlar/ozalky-cempiony-albert-tumenow-aca-dolandy/Vvz9RoT2L03JEzO.jpg

Ýarym agram derejesinde ACA-nyň öňki çempiony Albert Tumenow gurama dolanyp geldi. Bu barada liganyň metbugat gullugy habar berdi.

30 ýaşly Tumenow 2019-njy ýylyň noýabr aýyndan bäri tutluşmady (Beslan Uşukowy ikinji raundda nokaut edipdi).

Tumenow ýeňişden soň ACA bilen şertnamasyny uzaltmady we çempionlyk guşagyny boş goýdy.

Ýeri gelende, türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradowyň hem ilki ASB-niň, soňra ACA-nyň çempiony bolandygyny ýatladýarys. Ol 2020-nji ýylda Bellator bilen şertnama baglaşdy.