https://turkmensport.com/habarlar/opredelilas-pervaya-polufinalnaya-para-evrobasketa-2022/ja8ffBqY0LPmNiS.jpg

Basketbol boýunça Ýewropanyň çempionatynyň ilkinji ýarym final jübütleri belli boldy.

Finala barýan ýoldaky ilkinji duşuşyk Ispaniýanyň hem-de Germaniýanyň basketbol ýygyndylarynyň arasynda geçiriler.

Ispaniýanyň ýygyndysy çärýek finalda Finlýandiýany 100:90, Litwany 102:94 hasabynda ýeňdi. Nemesler bolsa Gresiýany 107:96, Çernogoriýany 85:79 hasabynda ýeňdiler.

Şu gün Sloweniýa ― Polşa we Fransiýa ― Italiýa duşuşyklarynyň ýeňijileri ýarym finalyň ikinji jübütleri bolarlar.

Ýewrobasket ― 2022-niň ýarym final duşuşyklary 16-njy sentýabrda geçiriler.

Çeşmechampionat.com