https://turkmensport.com/habarlar/nowak-jokowic-koronawirusa-garsy-derman-ondurer/h8eORU2mZH9e3wt.jpg

Tennisçi Nowak Jokowiç, Daniýanyň biotehniki kompaniýasy “QuantBioRes”-iň paýnamalarynyň 80%-ine eýeçilik eder. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Iwan Lonkarewiçiň sözlerine esaslanyp, “Reuters” habar berdi.

Özüni telekeçi diýip tanadan Lonkarewiç, Jokowiçiň 2020-nji ýylyň iýun aýynda maýa goýum goýandygyny aýtdy, ýöne mukdaryny aýan etmekden saklandy.

“QuantBioRes” koronawirusa garşy derman öndürýär. Lonkarewiç munuň sanjym däl-de, dermandygyny aýtdy. Kompaniýa koronawirusyň adam öýjügine girmeginiň öňüni alýan peptid öndürýär. 

Lonkarewiçiň aýtmagyna görä, kompaniýanyň Daniýada, Awstraliýada we Sloweniýada 11 sany alymy işleýär. “QuantBioRes” şu tomus Angliýada kliniki synaglara başlamagy göz öňünde tutýar.