https://turkmensport.com/habarlar/nobatdaky-el-klassiko-yaryslarynyn-geciriljek-guni-malim-edildi/1XjDEJZ1gJOH57b.jpg

2022/23-nji ýyl möwsümi üçin Ispaniýanyň çempionatynyň senenamasy çap edildi.

La Liga şu ýylyň 14-nji awgustynda başlar we 2023-nji ýylyň 4-nji iýunynda tamamlanar.

Birinji tapgyrda “Barselona” öz ýerinde “Raýo Wallekano” bilen oýnar, “Real Madrid” bolsa “Almeriýa” bilen, “Atletiko” “Hetafe” bilen duşuşar.

“Real Madrid” 16-njy oktýabrda (9-njy tapgyr) “Barselonany” kabul eder. 19-njy martda bolsa (26-njy tapgyra) “Barselona” öz ýerinde ezeli bäsdeşine garşy oýnar.

“Gaýmak reňklileriň” we “Atletikonyň” arasyndaky Madrid derbisi 18-nji sentýabrda (6-njy tapgyr) we 26-njy fewralda (23-nji tapgyr) geçirmek meýilleşdirilýär.