https://turkmensport.com/habarlar/nhl-de-yene-de-bir-rekord-tazelendi/Dvy14louP5xXNSy.jpg

«Wegas Golden Naýts» hokkeý toparynyň hüjümçisi Fil Kessel Milli hokkeý ligasynyň üznüksiz geçirilen duşuşyklar boýunça rekordyny täzeledi.

Onuň 26-njy oktýabr güni «San Hose Şarks» bilen geçiren duşuşygy yzygiderli geçiren 990-njy oýny boldy. Başgaça, aýtsak, Kessel 2009-njy ýylyň 3-nji noýabryndan bäri wekilçilik eden toparlarynda bir duşuşygy hem goýbermedi, ählisine gatnaşdy.

Şeýlelikde, ol «Filadelfiýanyň» ozalky goragçysy Kit Ýenldiň 989 duşuşyklyk rekordyny täzeledi. Ýenldiň yzygiderli duşuşyklar tapgyry 2009-njy ýylyň martynda başlap, şu ýylyň martynda tamamlandy. Ol 989 duşuşykdan soň geçen martda toparynyň «Toronto Meýpl Lifs» bilen bolan duşuşygyna gatnaşmady.

Kessel «Wegasyň» düzümine şu ýylyň awgust aýynda goşuldy. Bu rekorda onuň «Arizonu Koýots», «Pittsburg Pingwins» we «Toronto» toparlarynda çykyş eden ýyllary hem dahyllydyr.

Hüjümçi şu möwsümde bir şaýba geçirip, iki gezek assist etdi.