https://turkmensport.com/habarlar/neyt-diazy-bellatora-cagyryarlar/8jy8mQbnQl2fdRn.jpg

«Bellatoryň» prezidenti Skott Koker, guramanyň UFC-den çykan Neýt Diaz bilen gepleşik geçirýändigini aýtdy.

«Biz onuň bilen habarlaşdyk we gepleşik geçirýäris. Ýöne men onuň başgalar bilen hem gepleşikler geçirýändigine ynanýaryn.

Diazyň «Showtime»-de Anderson Silwa bilen tutluşmagy meýilleşdirýän Jeýk Pol bilen ringe çykmak isleýändigini bilýärin. Ýöne biz MMA-nyň düzgünlerine laýyklykda tutluşar ýaly, Diaz bilen şertnama baglaşarys diýip umyt edýäris. Biz gepleşik geçirýäris» diýip, Koker aýtdy.

11-nji sentýabrda Diaz UFC 279-da Toni Fergýusondan ýeňiş gazanandan soň, UFC-den çykdy.