https://turkmensport.com/habarlar/neymaryn-psz-bilen-sertnamasy-2027-nji-yyla-cenli-uzaldyldy/mNQw1GhDyKbhhZg.jpg

“Marca”-nyň “L'Equipe” salgylanyp berýän habaryna görä, braziliýaly hüjümçi Neýmar bilen PSŽ-niň şertnamasy awtomatiki usulda uzaldyldy.

Çeşmäniň habaryna görä, oýunçynyň şertnamasy awtomatiki usulda iki möwsüm, ýagny 2027-nji ýyla çenli uzaldyldy. Oýunçynyň klub bilen öňki şertnamasy 2025-nji ýyla çenli hasaplanýardy. Şol bir wagtyň özünde, braziliýaly oýunçynyň töweregindäkiler şertnamanyň uzaldylmagyny oňladylar.

Ozal Neýmaryň toparda özüni rahat duýmaýandygy we klubuny üýtgetmäge taýýardygy barada habar berlipdi. Şol bir wagtyň özünde, klubuň ýolbaşçylarynyň hem oýunçynyň gitmegine garşy däldigi bellendi.

Neýmar 2017-nji ýylda “Barselonadan” PSŽ-ä goşuldy. Ol geçen möwsümde ähli ýaryşlarda 28 gezek çykyş edip, 13 gol geçirdi we sekiz asist berdi.