https://turkmensport.com/habarlar/neymar-dowam-edip-bilermi-lukman-jogap-berdi/lvU1aj19ixucI3U.jpg

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Neýmaryň indiki duşuşyklara gatnaşyp-gatnaşmajagy sorag astynda. Onuň Serbiýa bilen bolan duşuşygyň (2:0) ikinji ýarymynda şikes alyp, meýdany terk etmeli bolandygyny ýatladýarys.

«Onuň topugynda şikes bar. Doly barlaga wagtymyz bolmady, ýöne aýagy çişipdir. Bir gün garaşyp, ýagdaýyň nähili bolýandygyny görmek gerek.

Sabyrly we hatyrjem bolalyň. Neýmaryň geljegi barada häzir bir zat diýerden ir. Onuň özüni duýşyny biraz soňrak sorarys» diýip, milli ýygyndynyň lukmany Rodrigo Lasmar duşuşykdan soň aýtdy.

Çeşme: espn.com