https://turkmensport.com/habarlar/neimar-lucsii-igrok-ligi-1-v-avguste/WvktDTuUlA0DfAG.jpg

Neýmar awgust aýynda Liga 1-iň iň gowy oýunçysy saýlanyldy.

Braziliýaly hüjümçi PSŽ-niň geçen aýda ýerli çempionatda oýnan bäş duşuşygynyň ählisinde hem tapawutlanyp, jemi 7 pökgi geçirdi. Geçen aýda ol alty goluň asistini bermäge-de ýetişdi.

30 ýaşly hüjümçi Liga 1-iň yzda galan 7 tapgyrynda 8 gezek tapawutlanyp, 7 asist berdi. Ol çempionatda iň netijeli futbolçylar sanawynyň başyny çekýär.