https://turkmensport.com/habarlar/monson-karyerasyny-tamamlajak-wagty-barada-maglumat-berdi/FXL664Hf2hUrNss.jpg

ММА-nyň pälwany Jeff Monson Wiaçeslaw Dasikden ýeňlensoň, karýerasyny haçan tamamlajakdygy barada maglumat berdi:

- Oktýabr aýynda ýene-de ýekeje tutluşygym galdy. Şol meniň karýeramdaky iň soňky tutluşyk bolar - diýip, TASS onuň aýdanlaryny getirýär.

51 ýaşly Monson «ADCC Submission Wrestling World Championship» ýaryşynyň iki gezek çempionydyr. Şeýle hem, ol jiu-jitsunyň brazil görnüşi boýunça dünýäniň çempiony boldy. Monsonyň UFC-niň agyr agram derejesi boýunça çempionydygyny hem ýatladýarys. Onuň 60 ýeňşi, 27 utulyşy bar.

2018-nji ýylda Russiýanyň raýatlygyny alan Monson häzir şol döwletde ýaşaýar.