https://turkmensport.com/habarlar/modric-birbada-birnace-rekordy-tazeledi/9eGGfBSRWdHI6qD.jpg

Luka Modriç futbol boýunça dünýä çempionatynda birbada birnäçe rekordy täzeledi.

«Real Madridiň» ýarymgoragçysy Dünýä çempionatynyň toparçadaky tapgyrynda Marokko bilen Horwatiýanyň arasynda (0:0) esasy düzümde meýdança çykdy.

Munuň netijesinde, Horwatiýanyň milli ýygyndysynyň 37 ýaşly kapitany taryhda üç dürli onýyllykda Dünýä we Ýewropa çempionatynda oýnan ilkinji oýunçy boldy.

Modriç 2008-nji, 2012-nji, 2016-njy ýyllarda (hersi 3 oýun) we 2020-nji ýylda (4 oýun) Ýewropa çempionatyna gatnaşdy.

Dünýä çempionatynda Luka 2006-njy ýylda (2 oýun), 2014-nji (3 oýun), 2018-nji (7 oýun) we 2022-nji (1 oýun) ýyllarda oýnady.

Şeýlelikde, Modriç iri ýaryşlarda (Dünýä we Ýewropa çempionatynda 26 oýun) we dört dünýä çempionatynda oýnan ilkinji horwatiýaly oýunçy boldy.