https://turkmensport.com/habarlar/mingazow-katar-yokary-derejeli-yaryslara-tayyar-dal/uptHvwF933vDW7V.jpg

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazowyň pikiriçe, Kataryň ýygyndysy 2019-njy ýylda Aziýanyň çempiony bolan möwsümindäkiden häzir pes oýun görkezýär.

Futbolçy türkmen metbugatynyň wekiline beren interwýusynda Katar barada: «Häzir ýygyndy Dünýä çempionatynda ýaryşýar. Bu ýerde bolsa tejribe köp zady kesgitleýär. Katar heniz beýle ýokary derejeli ýaryşlara gatnaşyp gören ýygyndy däl» diýip, ýerli ýygyndynyň ilkinji duşuşykdaky şowsuzlygy barada aýtdy.

Ruslan Mingazowyň pikirine görä, Ýaponiýa bilen Koreýa Respublikasy Ýewropa derejesinde oýnaýar. Türkmenistanly futbolçy bu iki ýygyndynyň mundialda ýiti göreş alyp barjakdygyna ynanýar.

Çeşme: turkmensport.com