
«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XII Spartakiadanyň bäsleşikleri hem sport muşdaklarynyň üns merkezinden ornuny tapýar. Golaýda geçirilen suwda ýüzmek hem-de ýeňil atletika ýaryşlary ajaýyp Spartakiadanyň gyzygyny artdyrdy.
"Türkmen sporty" gazetiniň habar berşi ýaly, orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasyndaky suwda ýüzmek bäsleşiginde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň toparyna taý gelen bolmady. A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi ikinji, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary üçünji boldular.
Orta mekdepleriň okuwçylarynyň ýeňil atletika ýaryşynda paýtagtymyzyň 2-nji orta mekdebi ýeňiji boldy. 132-nji hem-de 56-njy orta mekdepleriň okuwçylaryndan düzülen ýygyndylar degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler