https://turkmensport.com/habarlar/milletler-ligasynda-5-nji-tapgyryn-dususyklary-gecirildi/eYVi1fzgHKqOt6K.jpg

Düýn Ýewropanyň Milletler ligasynda 5-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berildi.

A ligasynyň 1-nji toparçasynda Horwatiýa (10) Daniýany (9) ýeňip, ahyrky tapgyra garaşmazdan, toparçada birinji orny eýeledi. Milletler ligasynyň iň ýokarky ligasynda galmak ugrundaky göreşde Fransiýa (5) Awstriýany (4) ýeňip, aşaky basgançakdan ýokary göterildi.

4-nji toparçanyň öňdebaryjylary Niderlandlar (13) we Belgiýa (10) garaşylyşy ýaly, Polşadan (4) we Uelsden (1) üstün çykdylar. 6-njy tapgyrda geçiriljek Niderlandlar ― Belgiýa duşuşygynda ýaryşyň final tapgyryna çykjak ýygyndy belli bolar. Ýöne Roberto Martinesiň şägirtlerini, garşydaşyny 3-den köp gol bilen ýeňmek kanagatlandyrar.

С ligasynda Türkiýe (13) Lýuksemburg bilen deňme-deň oýnap, Gazagystan (13) bolsa Belarusy ýeňip, iki ýygyndy hem B liga ýollanma aldy. Litwa bilen Belarus bolsa D liga düşdi.

D ligasynyň 1-nji toparçasynda Moldowa (10) öňdebaryjy Latwiýany (12), Andorra (7) bolsa Lihtenşteýni (0) ýeňdi. С liga çykmak soňky tapgyrda Latwiýa bilen Moldowanyň ikisinden birine başardar.

Milletler ligasy. 5-nji tapgyr. 22-nji sentýabr

А liga. 1-nji toparça

Fransiýa — Awstriýa 2:0

Gollar: Mbappe (56), Žiru (65).

Horwatiýa — Daniýa 2:1

Gollar: Sosa (49), Maýer (79) — Eriksen (77).

4-nji toparça

Polşa — Niderlandlar 0:2

Gollar: Gakpo (14), Bergweýn (60).

Belgiýa — Uels 2:1

Gollar: De Bruýne (10), Batşuaýi (37) — Mur (50).

С liga. 1-nji toparça

Türkiýe — Lýuksemburg 3:3

Gollar: Ünder (16, 11 m.j.u.), Şanot (39, ö.d.), Ýüksek (87) — Da Grasa (9), Sinani (37), Rodriges (69).

Litwa — Farer adalary 1:1

Gollar: Sliwka (44) — Andreasen (22).

3-nji toparça

Slowakiýa — Azerbaýjan 1:2

Gollar: Ýirka (90+3, 11 m.j.u.) — Dadaşow(44), Hakberdi (90+5).

Gazagystan — Belarus 2:1

Gollar: Gabişew (29), Zaýnutdinow (79) — Sawiskiý (45+3).

D liga. 1-nji toparça

Latwiýa — Moldowa 1:2

Gollar: Ikanuiek (55) — Rewenko (26), Nikolaesku (45).

Lihtenşteýn — Andorra 0:2

Gollar: Rosas (4), Serwos (81).