https://turkmensport.com/habarlar/mhitaryan-interin-oyuncysy-boldy/PWFk9d2uZUnSIEQ.jpg

“Romanyň” öňki ýarymgoragçysy Genrih Mhitarýan erkin agent hökmünde “Intere” goşuldy. Bu barada žurnalist Nikolo Skira habar berdi.

33 ýaşly ermeni Milan kluby bilen möwsümde 3,5 million ýewro aýlykly, 2024-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy.

“Interiň” ýakyn wagtda Mhitarýanyň transferini resmi taýdan yglan etmegine garaşylýar.

Ozal oýunçynyň Çempionlar ligasynda oýnamak isleýändigi üçin “Romadan” gidýändigi barada habar berilipdi.