https://turkmensport.com/habarlar/meywezer-dokuz-minutda-nace-million-dollar-gazanjakdygyny-aytdy/gQ1ltoYomN8vv7i.jpg

Rowaýata öwrülen boksçy Floýd Meýwezer ýaponiýaly MMA pälwany Mikura Asakura bilen geçiriljek sergi tutlyşykdan, takmynan, 20 million dollar gazanjakdygyny habar berdi.


«Bir minutda birnäçe million. Diňe bu tutluşyk üçin 15 — 20 million dollar aralygynda gazanç ederin. Bu gaty gowy. Dokuz minut, 20 million, erbet däl! Sergi tutluşyklary maňa has köp syýahat etmäge mümkinçilik berýär. Men köp syýahat etdim, ýöne indi bütin dünýäde adamlary gyzyklandyrýaryn. Bu sergi ýaryşlarynda uly pul gazanýaryn» diýip, Meýwezer aýtdy.

Asakura bilen boljak tutluşyk 25-nji sentýabrda Saýtamada (Ýaponiýa) geçiriler. Meýwezer üçin bu duşuşyk professional karýerasy gutarandan soň dördünji sergi tutulyşykdyr.