https://turkmensport.com/habarlar/meyuezer-2023-nji-yylda-makgregor-bilen-jogap-tutlusygyny-gecirer/QLbwCBiYUwreAGu.jpg

Amerikaly boksçy Floýd Meýwezer iralndiýaly göreşçi Konor Makgregor bilen 2023-nji ýylda jogap tutluşygyny geçirip biljekdigini habar berdi.

«Ilki Ýaponiýada gowy dynç aljak. Soňra noýabr aýynda Dubaýda bir görkezme çykyşym bar. 2023-nji ýylda bolsa ýene-de Konor Makgregor bilen tutluşyk geçirip bileris. Bu tutluşygyň hakyky tutluşyk boljakdygy ýa görkezme çykyş görnüşinde geçiriljekdigi heniz belli däl. Men görkezme çykyşy saýlap alardym, çünki mundan soň agyr şikes almagy islämok» diýip, ol jemgyýetçilik torlarynda ýazdy.

23-nji awgust güni Makgregoryň menejeri Tim Simpson göreşiniň aktýorçylyk işi bilen bagly karýerasyny 2023-nji ýyla çenli doňdurjakdygyny habar berdi. «Hemme zat gowy. Konor indiki ýyl ýoluny dowam etdirer» diýip, ol göreşijiniň janköýerlerini umytlandyrdy.

Meýwezer bolsa geçen ýylyň iýun aýynda eger 300 million dollar töleseler, Makgregor bilen jogap tutluşygyny geçirmäge taýýardygyny aýtdy. Iki pälwanyň 2017-nji ýylda geçiren tutluşygy 10-njy döwde amerikaly boksçynyň nokaut arkaly ýeňşi bilen tamamlanypdy.