https://turkmensport.com/habarlar/messi-barselona-dolanyp-biler/1gzcrwdziiNUjMW.jpg

 Argentinaly hüjümçi Lionel Messi “Barselona” toparynyň prezidenti Žoan Laporta bilen şu hepde telefon arkaly gürleşdi. Bu barada argentinaly habarçy Serhio Gonsales habar berýär.

Gepleşikde Žoan Laporta Messä “Barselona” dolanmaklygy teklip edendigi nygtalýar. Öz gezeginde argentinaly ýyldyz häzirki wagtda bar ünsüni Dünýä çempionatyna berjekdigini aýdyp bu teklibe anyk jogap bermändir.

Bu transfere aýratyn hem toparyň tälimçisi Hawi hem uly gyzyklanma bildirýär.

Belki-de Hawi bilen Messiniň gowy gatnaşykda bolmagy “Barselona” üçin uly bähbit bolup biler.

Şu möwsümde 35 ýaşly hüjümçi “PSŽ” toparynyň düzüminde 11 oýunda 6 gol geçirip, 8 gezek hem assist etmegi başardy.