https://turkmensport.com/habarlar/merkezi-oyun-dartgynly-gecer/2v80f5O9FXHpyzR.jpg

Şu gün Italiýanyň Serie A çempionatynda 8-nji tapgyryň merkezi oýny oýnalar.

Bu möwsümde “Inter” bilen “Roma”-nyň oýunlaryna syn etmek has-da gyzykly. Möwsümden öň toparlar transfer penjiresinde ýokary derejeli oýunçylar bilen güýçlendiler.

Ýöne muňa garamazdan, häzir iki topar hem durnukly oýny görkezmegi başaranok. Esasan hem, “Intere” geçen ýylky netijesini gaýtalamak kyn düşer.

Žoze Mourinýonyň tälim berýän “Roma” topary bolsa, bu möwsümde Çempionlar ligasyna çykmaga hukuk berýän orunlary eýelemegi maksat edinýär. Muňa garamazdan, topar uly, merkezi oýunlarda gerekli netijäni gazanyp bilenok.

Dartgynly geçjek uly mahabatly oýun şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlar. Duşuşyk Milan şäherindäki “San Siro” stadionynda oýnalar.

“Inter” 7 oýundan soň 12 utuk toplady. Topar ýaryş tertipnamasynda 7-nji orunda barýar. Häzir çempionatda toparlaryň arasyndaky utuk sany uly däl. Ýöne “Inter” ýene bir oýunda utulaýsa, onda olar has kyn ýagdaýa düşüp bilerler.

“Roma” 7 oýundan soň 13 utuk toplamagy başardy. Häzirki ýagdaýda Žoze Mourinýonyň şägirtleri ýaryş tertipnamasynda 6-njy orunda ýerleşendir. Topar tertipnamadaky öz ýagdaýyny ýeňiş bilen gowulandyryp biler. Rimliler 3-nji ýerdäki “Udineze”-den 3 utuk yzdadyrlar.

                                                                                                               Oýundan öň toparlaryň ýagdaýy

                                                “Inter” goragda uly kynçylyklary çekýär. Inzagi esasy düzüminiň goragçylaryna uly ynam bildirenok

7 oýnuň dowamynda “Inter” öz derwezesinden 11 gol geçirtdi. Topar ähli oýunda diýen ýaly, goragda netijeli ýalňyşlyklara ýol berýär. Toparyň tälimçisi merkezi goragda diňe Şkrinýary çalyşmazdan oýnadýar. Beýleki goragçylar bolsa yzygiderli çalşyrylyp durulýar. Şol sebäpli hem, “Interiň” esasy düzüminde yzygiderli, durnukly çykyş edip gelýän goragçylar ýok. Tälimçi belli bir goragça ynanyp bilenok. Käbir oýunda merkezi goragda Şkrinýar bilen Bastoni oýnasa, käbirinde Bastoniniň ornuna Stefan de Wreý oýnaýar.

                                                                                                                          “Interde” uly ýitgi bar

                                                                             Ýer eýeleri wajyp oýunda Marselo Brozowiçe bil baglap bilmezler

“Interiň” esasy meselesi - Brozowiçiň şikes almagydyr. Ol her oýunda uly göwrümli işi ýerine ýetirmäge ukyply ýarymgoragçy. Oýunçy şikesi sebäpli azyndan 3 hepde ýaşyl meýdança çykyp bilmez. Inzaginiň Brozowiçiň öwezini dolup biläýjek oýunçysy ýok. Meýdançanyň merkezinde onuň ornuna Roberto Galýardini oýnap biler. Ýöne onuň oýun derejesi Brozowiçiňkiden pes.

                                              “Roma” gol geçirmek üçin ýeterlikli hüjüm edýär. Ýöne amatly pursatlardan netijeli peýdalanyp bilenok

Serie A çempionatynyň 7 oýnundan soň “Roma” 8 gol geçirdi. Toparyň az gol geçirmeginiň sebäpleri bardyr. “Roma” ýürekgysgynç oýnaýar diýsegem ýalňyşyp bileris.

Statistika seretsek, xG-niň berýän maglumatlaryna görä, “Roma” çempionatda gol geçirmäge döredilen pursatlar boýunça 1-nji orundadyr. Eger olar amatly pursatlardan netijeli peýdalanan bolsalar, häzirki wagtda 8-iň deregine 17 gol geçirip bilerdiler. Topara häzirki wagtda şowlulyk ýetmeýän ýaly.

Geçen oýunda hem “Roma” “Atalantadan” 0:1 hasabynda utulypdy. Ýöne ol “Romanyň” gowy geçiren oýunlarynyň biri boldy.

                                                                                                     Dibala “Intere” garşy ajaýyp oýny geçirip biler

Tomusky transfer penjiresinde Dibala bilen “Inter” içgin gyzyklanypdy. Käbir neşirler Dibala “Inter” bilen şertnama baglaşdy diýibem ýazypdylar. Ýöne soňky pursatda topar Dibalany düzümine goşmakdan ýüz öwürdi. Şol wagt Žoze Mourinýo peýda bolup, argentinaly ýyldyza toparynyň esasy oýunçysy bolup biljekdigini aýtdy we ony “Roma” çagyrdy. Rim klubunda Dibala erkin oýunçy hökmünde özüni gowy duýýar. Şu möwsümde Dibala Serie A çempionatynda 6 oýunda 3 gol geçirip, 2 gezek hem asist bermegi başardy. Gürrüňsiz, zehinli hüjümçi “Roma” toparyna geljekde hem uly ýardam edip biler.

Çaklanylýan maglumat:

Oýnuň birinji ýarymynda hasap açylar;

“Roma”, iň bolmanda, 1 gezek tapawutlanmagy başarar;

Iki topar hem tapawutlanyp biler;

Hasap 1:2, 1:1 ýa-da 2:1 bolar;

Oýunda görkezilen sary kartlaryň 4-e ýetmegi ähtimal;

Duşuşykda standart ýagdaýy kän bolup, burçdan urlan urgularyň sany 11-e ýeter;

Oýunda P.Dibala netijeli tapawutlanyp biler;

Bu gün standart ýagdaýyndan gol geçiriler.