https://turkmensport.com/habarlar/medvedev-vysel-v-final-turnira-v-meksike/L0LRpmNnVN6kfAj.jpg

Meksikanyň Los-Kabos şäherindäki «Delmar International School» stadionynda geçirilýän adybir tennis ýaryşynyň ýarym finalynda 26 ýaşly russiýaly tennisçi Daniil Medwedew (dünýäniň 1-nji raketkasy) 22 ýaşly serbiýaly Miomir Kesmanowiç (38-nji raketka) bilen duşuşdy.

Duşuşygyň iki döwi hem Medwedewiň ýeňşi bilen tamamlandy - 7:6, 6:1.

Bu ýeňişden soň russiýaly tennisçi karýerasynda 26-njy gezek ATP ýaryşlarynyň finalyna çykdy. Ol şu möwsümde bolsa, dördünji final duşuşygyny geçirer.

Medwedewiň finaldaky garşydaşy Kameron Norri - Feliks Ože-Alýassim duşuşygynyň ýeňijisi bolar.