https://turkmensport.com/habarlar/mbappe-propustit-matc-pervogo-tura-cempionata-francii/NHCgbvJyauIlJU2.jpg

Toparyň resmi saýtynda berilýän habara görä, «PSŽ»-niň hüjümçisi Kylian Mbappe Fransiýa çempionatynyň ilkinji tapgyrynda boljak «Klermona» garşy oýny sypdyrar.

23 ýaşly futbolçy häzirki wagtda şikeslerden saplanýar. Hüjümçi aýratyn meýilnama boýunça öz üstünde işlemegini dowam etdirer.

Şu tomusda Mbappeniň «PSŽ»-den gitmegine garaşylypdy. Ýöne ol klub bilen şertnamasyny 2025-nji ýyla çenli uzaltdy.

«Klermon» — «PSŽ» duşuşygy 7-nji awgusta geçilen gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar.