https://turkmensport.com/habarlar/mbappe-mana-galsa-altyn-pokgi-ucin-esasy-dalasgarler-hokmunde/1eBtZMNyGOoQIs6.jpg

PSŽ-niň hüjümçisi Kylian Mbappe «Altyn pökgä» haýsy futbolçynyň has mynasypdygy barada pikirlerini paýlaşdy.

«Eger maňa galsa, Benzemany, Maneni we özümi esasy dalaşgärler diýip hasap ederdim».

Hüjümçiniň aýdanlary «Le Parisien» neşirinde getirildi.

Öňräk «France Football» žurnaly bu baýrak üçin 30 dalaşgäriň adyny yglan etdi. Olaryň arasynda Mbappeniň özi hem, Benzemadyr Mane hem bar.

PSŽ-niň hüjümçisi Lionel Messi bolsa, soňky 17 ýylyň içinde ilkinji gezek bu sanawa girizilmedi. Ol bu baýragyň häzirki eýesidir.