https://turkmensport.com/habarlar/maz-yn-yupek-yoly-2022-marafonyna-gatnasjak-ekipazy-belli-boldy/zKvhq73ja3lfwEz.jpg

“MAZ-SPORTauto” topary “Ýüpek ýoly — 2022” marafonyna iki ekipaž bilen gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada “Sputnik” habar berýär.

Toparda Sergeý Wýazowiç we Alekseý Wişnewskiý bolar.

“Maliýe ýagdaýlarymyz sebäpli iki ekipaž bilen gatnaşarys. Biziň taýýarlygymyz gowy” diýip, Wýazowiç aýtdy.

 6 — 16-njy iýul aralygynda geçiriljek ýaryş Astrahanda badalga alyp, Moskwada tamamlanar. Aralyk 4,380 kilometr bolar. Şeýle-de, bu ýaryşyň ýoly ilkinji gezek Demirgazyk Kawkazyň çäklerinden geçer. 

Administratiw we tehniki barlaglar 6-njy we 7-nji iýulda Astrahanda geçiriler. Ýaryşa 7-nji iýulda dabaraly ýagdaýda badalga berler.

Ozal bu ýaryşa Türkmenistanyň, Russiýanyň, Belarusyň we Gazagystanyň sürüjileriniň gatnaşjakdygy barada habar beripdik.