https://turkmensport.com/habarlar/maxacev-podnyalsya-na-vtoroe-mesto-v-reitinge-ufc-p4p/lqrDOQtvFkEuTMW.jpg

Amerikan guramasy UFC pälwanlarynyň reýtingini täzeledi. Guramanyň ýeňil agramynyň çempiony bolan russiýaly Yslam Mahaçýew, agram kategoriýasyna (P4P) garamazdan, pälwanlaryň sanawynda ikinji orna çykdy.

Birinji orny awstraliýaly Aleksandr Wolkanowskiý eýeleýär. Ol Mahaçýew bilen 12-nji fewralda tutluşar.

Täze Zelandiýaly Ysraýyl Adesanýa dördünji ornuny ýitirdi we häzirki wagtda altynjy orunda durýar.