https://turkmensport.com/habarlar/match-tv-khl-yn-oyunlaryny-gorkezmegi-dowam-eder/Olas6PXPBp1t9Zw.jpg

Kontinental Hokkeý ligasynyň (KHL) oýunlary ýakyn üç ýylda federal kanalda elýeterli bolar.

Kontinental Hokkeý ligasy bilen sport teleýaýlymy KHL-iň oýunlarynyň telewizion ýaýlymlaryny görkezmek barada şertnama baglaşdy. KHL bilen «Match TV» teleýaýlymynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda ilkinji gezek üç möwsümlik şertnama baglaşyldy.

Ozal «Okko» onlaýn platformasynyň, KHL-iň oýunlaryny görkezmek üçin ýyllyk 1 milliard rubl hödürländigi habar berlipdi.

KHL-iň täze möwsümi 1-nji sentýabrda, CSKA bilen «Metallurgyň» arasyndaky Açyk Kubok ugrundaky oýun bilen başlar.