https://turkmensport.com/habarlar/markos-senesi-bir-wagtyn-ozunde-iki-yygynda-cagyrylyar/c6EEIWOved7WKtC.jpg

“Feýenoord” toparynyň goragçysy Markos Senesi, bir wagtyň özünde Argentinanyň we Italiýanyň milli ýygyndylaryna çagyrylyp bilner.

Günorta Amerikanyň we Ýewropanyň soňky çempionlary 1-nji iýunda, “Wembli” stadionynda “Finalissima” ady bilen geçiriljek duşuşykda gabatlaşarlar.

25 ýaşly oýunçy şu gün hödürlenen Argentina milli ýygyndysynyň giňeldilen sanawyna goşuldy.

Şeýle-de bolsa, “Tuttosport”-yň habar bermegine görä, “Feýenoord”-daky oýunçynyň çykyşlaryny yzarlaýan italýan tälimçisi Roberto Mançini hem Senesini öz ýygyndysyna çagyrmagy meýilleşdirýär.

Senesi häzire çenli ýokary ýaşda haýsydyr bir milli ýygyndynyň düzüminde oýnamady. Argentinada doglan oýunçy ýurduň ýaşlar derejesinde milli ýygyndyda oýnady. Ýöne şol bir wagtda, oýunçynyň italýan pasporty-da bar.

Çeşme: Twitter

Surat: sport.bigmir