https://turkmensport.com/habarlar/maradonanyn-ogly-nagile/D5JMiZmvPaYcX1l.jpg

Diego Maradonanyň ogly kakasyny Lionel Messi bilen deňeşdirýänlerden nägile.

«Messi bilen kakamy deňeşdirýänlere haýran galýaryn. Biz dürli ýurtlaryň adamlary barada gürrüň edýäris. Ýöne muňa meniň Messiniň üstünden çyzyk çekdigim diýip düşünmäň.

Elbetde, milli ýygyndymyzyň Saud Arabystanyndan utulmagy meni diýseň gynandyrdy. Munuň hakykatdygyna hem ynanmak kyn.

Saud Arabystanyndan utulmak - akylsyzlyk. Ýöne käte şeýle bolýar: güýçli topar ejizden hem utulyp bilýär».

Kiçi Maradonanyň aýdanlary «Marca» neşiri tarapyndan getirildi.

Çeşme: marca.com