https://turkmensport.com/habarlar/mane-bawariyanyn-oyuncysy-boldy/o0gW4jCwws539Wa.jpg

Sadio Mane “Liwerpuldan” “Bawariýa” geçdi. Bu barada klub resmi ýagdaýda habar berdi.

Senegalyň milli ýygyndysynyň 30 ýaşly ýarymgoragçysy Mýunhen kluby bilen 2025-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy.

Ozal “Bawariýanyň” Mane üçin 32 million ýewro tölejekdigi we 9 millionyň hem bonus görnüşinde beriljekdigi belli bolupdy. Şeýle hem, nemes klubunyň oýunça salgytdan öň ýylda 20 million ýewro tölemäge taýýardygy barada habar berildi. Mane “Liwerpulda” wagty ýyllyk 12 million ýewro aýlyk alýardy.

Sadio 2016-njy ýyldan bäri “Liwerpulda” oýnaýar. Bu döwürde oýunçy Çempionlar ligasy we Premýer-liganyň çempionlygy ýaly jemi 6 kubok gazandy.

30 ýaşly oýunçy geçen möwsümde ähli ýaryşlarda iňlis kluby üçin 50 gezek çykyş edip, 23 top geçirdi we 2 asist berdi.