https://turkmensport.com/habarlar/mancini-ucin-dekabrdaky-ruhy-cokgunlikden-cykmak-mohum/Sa147CcgjicCsls.jpg

Italiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Roberto Mançini Milletler ligasynyň 6-njy tapgyrynda Wengriýany 2:0 hasabynda ýeňenlerinden soň öz pikirlerini paýlaşdy:

«Mawy gwardiýa» jedwelde wengerleri yzda galdyryp, ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykdy. Bize bassyr iki ýeňiş gazanmak möhüm. Ýöne bu-da geçmişdäki şowsuzlyklarymyzy ýuwup bilmez. Olardan gaçmak mümkin däl. Şeýle-de bolsa, biz yhlas bilen işlemegimizi dowam etdireris.

Dekabr aýynda bize garaşýan ruhy çökgünlikden iň gowy derejede çykmak gerek» diýip, «Sport mediaset» neşiri baş tälimçiniň aýdanlaryny paýlaşdy.

Mançini dekabr aýyndaky ruhy çökgünlik babatynda futbol boýunça dünýä çempionatyny göz öňünde tutýar. Italiýanyň ýygyndysy bu çempionata gatnaşyp bilmedi.