https://turkmensport.com/habarlar/mancester-yunayted-ronaldony-sertnamasynyn-mohleti-dolmanka-satmagyn-gamyny-iyyar/bkBiCMFZr5dOGuY.jpg

«Manchester Evening News» neşiri hüjümçi Kristiano Ronaldonyň öňümizdäki gyşky transfer penjiresinde «Mançester Ýunaýtedden» gitmek üçin ýene bir gezek urnup görjekdigini ýazdy.

Hüjümçiniň geçmek ähtimallygy güýçli klublarynyň arasynda «Barselona», PSŽ, «Atletiko» we «Çelsi» bar.

Ronaldonyň häzirki toparynda 2021-nji ýyldan bäri futbol oýnap gelýändigini ýatladýarys. Hüjümçiniň klub bilen şertnamasy 2023-nji ýylda tamamlanýar. Şonuň üçin hem oýunçyny gyşda satmak «Mançester Ýunaýted» üçin peýdaly bolar.

Ronaldo şu möwsümde çykan 8 duşuşygynda bir gezek tapawutlandy.