https://turkmensport.com/habarlar/mancester-yunayted-rabiot-bilen-ylalasyga-geldi/2VMYnu41wUwtGKY.jpg

«Ýuwentusyň» ýarymgoragçysy Adrien Rabiotyň «Mançester Ýunaýtede» geçmegine garaşylýar.

«Football Italia» neşiriniň habaryna görä, Mançester şäherine wekilçilik edýän klubuň ýolbaşçylary Fransiýanyň milli ýygyndysynyň 27 ýaşly ýarymgoragçysy bilen ylalaşdylar. Futbolçynyň menejerligini alyp barýan ejesi bilen ylalaşyga gelindi.

Öňräk habar berlişi ýaly, bu transfer amala aşsa, «Mançester Ýunaýted» «Ýuwentusa» 15 million ýewrony dessine tölär. Şondan soň hem, turinlileriň 5 million ýewrony goşmaça almagyna garaşylýar.

APL-däki bassyr iki utulyşdan soň, «Mançester Ýunaýted» ýaryş tertibiniň ahyrky basgançagyndan barýar. Duşuşykdan soňky metbugat maslahatynda baş tälimçi Erik ten Hag täze futbolçylary almagyň zerurdygyny aýtdy.