https://turkmensport.com/habarlar/mancester-sitinin-eyeleri-12-nji-futbol-klubyny-satyn-alar/PCTFyVQeCRlTfZc.jpg

Angliýanyň «Mançester Siti» klubuna eýeçilik edýän «City Football Group» holdingi Braziliýanyň «Baiýa» futbol klubuny hem satyn alar.

Taraplar eýýäm degişli gepleşikleri geçirdiler. Şertnama ýakyn günlerde gol çekiler.

«Baiýa» bu holdingiň satyn alan 12-nji futbol kluby bolar. Holding «Mançester Sitiden» başga-da, Ispaniýanyň «Žirona», Italiýanyň «Palermo», Belgiýanyň «Lommel», ABŞ-nyň «Nýu-Ýork Siti», Awstraliýanyň «Melburn Siti», Urugwaýyň «Montewideo Siti», Ýaponiýanyň «Ýokogama F.Marinos», Fransiýanyň «Trua», Hindistanyň «Mumbai Siti» we Hytaýyň «Syçuan Szýunýu» klublarynyň eýesidir.

«Baiýa» häzirki wagtda Braziliýanyň ikinji diwizionynda ikinji orunda barýar.