
Milli
hokkeý ligasynda «Pittsburg Pingwinz» myhmançylykda «Çikago Blekhawksy» 5:3 hasabynda
ýeňdi. Şeýlelikde, bu duşuşykda russiýaly hokkeýçi Ýewgeniý Malkin «Pittsburgdaky»
1000-nji duşuşygyny geçirdi.
Ol «Waşington Capitals»-yň russiýaly wekili Aleksandr Oweçkinden soň NHL-de 1000 duşuşyk
geçiren ikinji russiýaly boldy.
Malkin
bu duşuşyklarda 452 gezek tapawutlanyp, 714 gezek gol pasyny berdi we 116 utuk
bilen oýnady. Şu möwsümde onuň 19 duşuşykda 8 şaýbasy we 12 asisti bar.